Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary barada

2025-nji ýylyň 5-6-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy.
Saparyň maksatnamasy örän baý boldy.
Pariže gelenden soňra Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň resmi wekili bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň wekili Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Fransiýa bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, dürli ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Soňra “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň kabulhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň Marten Buig bilen duşuşygy boldy.
Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny belledi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy, döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge oňaýly şertler ýurdumyzyň dünýäniň işewür toparlary üçin özüne çekijiligini artdyrýar. Şoňa görä-de, kompaniýalaryň köp sanlysy, şol sanda fransuz kompaniýalary hem geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýärler.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Marten Buige iberen salamyny ýetirdi we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Buig” kompaniýasynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyzda işläp gelýändigini belledi. Şunda bu düzümiň iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle-de Türkmenistanda fransuz dilini öwretmek boýunça goşýan goşandy barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda kompaniýa tarapyndan gurlan, fransuz diline ýöriteleşdirilen mekdebiň hereket edýändigi bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň ýolbaşçysyna netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan minnetdarlygyny beýan etdi.
Soňra özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de fransuz kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň mümkinçiligine garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy kompaniýa bildirilýän uly ynam üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Milli Liderimiziň Fransiýa Respublikasyna saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy.
Foruma Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň wekiliýet agzalary, şeýle-de türkmen işewürleri gatnaşdylar.
Forumyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz we çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna, milli mirasymyza bagyşlanan sergini synladylar.
Fransiýanyň “MEDEF-International” halkara assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Filipp Gautýe forumy açyp, Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekledi hem-de Fransiýa saparynyň çäklerinde şu günki foruma gatnaşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Bu forumyň oňa gatnaşýan fransuz kompaniýalary üçin taryhy wakadygy hem-de onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.
Çäräniň giň wekilçilikli düzüminiň Türkmenistanyň özüne çekijiligini görkezýändigini bellemek bilen, Filipp Gautýe Türkmenistanda işlemegiň fransuz işewürleri üçin buýsançlydygyny aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda Türkmenistanyň häzirki geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyna, şol sanda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak meselelerine üns berildi (çykyşyň doly teksti bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz https://www.mfa.gov.tm/tk/articles/1523).
“MEDEF-International” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza çuň manyly çykyşy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň foruma gatnaşmagynyň we çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady-maýa goýum mümkinçilikleri baradaky maglumatlary giňişleýin beýan etmeginiň fransuz kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmasyny has-da artdyrandygyny belledi. Şeýle hem fransuz kompaniýalaryna bildirilýän ýokary ynam we ýurtda işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirildi.
Foruma gatnaşýan Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Airbus Defence and Space SAS» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen «IGN FI» kompaniýasynyň (Fransiýa) arasynda ýer kadastry we oba hojalyk ekinlerine uzak aralykdan gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda suw hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň gaz senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Türkmen-fransuz ykdysady forumy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi garşylamak dabarasynyň geçirilýän köşgüne bardy.
Köşgüň Hormat meýdançasynyň merkezi derwezesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy Fransiýa Respublikasynyň ýatlamalar we weteranlaryň işleri boýunça ministri hanym Patrisiýa Miralýes hem-de Pariž şäheriniň harby gubernatory general Loik Mizon mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimiz hanym Patrisiýa Miralýes we general Loik Mizon bilen bilelikde Hormat meýdançasyna barýar.
Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Soňra Gahryman Arkadagymyz, Patrisiýa Miralýes we general Loik Mizon Hormat garawulynyň esgerleriniň hataryny aýlanýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Fransiýa Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary, ministr Patrisiýa Miralýes bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar.
Hormat garawulynyň serkerdesi Gahryman Arkadagymyza resmi garşylamak dabarasynyň tamamlanandygy barada hasabat berýär.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýeliseý köşgüne ugraýar. Bu ýerde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşyk geçirildi.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda maliýe-bank, ýangyç-energetika, şähergurluşyk, aragatnaşyk, kosmos, telekommunikasiýa, söwda-ykdysady ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.