Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady.
Syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär.
Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Parižiň “Orly” Halkara howa menziline gelip gondy.
Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Fransiýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy.
Dostlukly ýurduň wekili belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna şu gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Fransiýa bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, dürli ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Nygtalyşy ýaly, bu sapar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer hem-de türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.