TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDEN

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet ykdysady we durmuş syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, täze taslamalara hem-de milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça möhüm wezipelere seredildi, birnäçe resminamalar kabul edildi.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak üçin karz beriş edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar.

Häzirki günde “Altyn asyr” töleg ulgamynda “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryny peýdalanýanlaryň sany artýar. Bu hyzmatlaryň kömegi bilen hususy bölege degişli müşderiler bank hasaplaryny karz edarasyna barmazdan, menzilara dolandyrmagy we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini tölemegi amala aşyryp bilýärler. Ýakyn geljekde “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik banky tarapyndan QR-koduň (dessin tassyklanylýan kod) ulanylmagy bilen tölegleri geçirmek ulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu bankyň “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň agzalygyna girmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada habar bermek bilen, bu ulgamyň töleg kartyny peýdalanýanlara niýetlenen halkara töleg kartlarynyň milli nusgalaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň durnukly ösdürilmegi möhüm şertleriň biri bolup, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin zerurdyr diýip belledi.

Bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek we hilini artdyrmak, şol sanda halkara derejede giňeltmek, öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli peýdalanyjylar üçin “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň plastik kartlarynyň hödürlenen nusgalaryny, umuman, makullap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny has-da berkitmek, tehniki-ykdysady görkezijileri artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nebit ýataklarynyň guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, guýulary burawlamagyň döwrebap tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hem-de düýpli abatlamagyň hasabyna çykarylýan nebitiň we gazyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň milli nusgasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Şolara laýyklykda, döwletimiz senagatyň esasy pudaklaryny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge uly möçberli maýa serişdelerini gönükdirýär.

Ähli ulgamlarda innowasiýalary, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak häzirki döwrüň esasy wezipesi bolup durýar, munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny dünýä derejesinde ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilmelidir. Adam mümkinçiliklerine maýa goýumlary — bu möhüm goýumlaryň biri bolup, olar geljekde ykdysadyýeti ösdürmekde hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly orun eýelär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz döwrebap nebit we gazhimiýa kärhanalaryny gurmagyň giň gerimli taslamalaryny amala aşyrýan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin bu meseläniň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, hünärler boýunça okuw ulgamyny kämilleşdirmek, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda güýzlük bugdaý ýetişdirmek üçin bölünip berlen meýdanlarda maýsalara ösüş suwy tutulýar, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýerleri sürmek we tekizlemek, tehnikalary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, bu ulgama öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak hem-de obasenagat toplumynyň dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalygyny ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine we bu ulgamda geçirilýän özgertmelere degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bereketli hasylyň esasyny emele getirýän ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini nygtap, şolaryň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzüminde garyşyk görnüşli kükürtli karbamid döküniniň önümçiligini ýola goýmak hem-de 2019-njy ýylda pile öndürmek hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer himiýa pudagynyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriniň dürli görnüşleriniň — azot, fosfor we kaliý dökünleriniň öndürilýändigini habar berdi. Şol dökünler daşary ýurtlara hem iberilýär. Häzirki wagtda konserniň hünärmenleri tarapyndan karbamidiň düzümine kükürdi goşmak arkaly täze, ýokary netijeli döküniň önümçiligini ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda, mineral dökünleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Munuň özi himiýa pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Täze desgalary gurmagyň hem-de öňden barlaryny döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna geljekde bu senagat pudagy uly ykdysady peýda getirer.

Milli Liderimiz himiýa önümlerini öndürmek hem-de daşary ýurtlara ibermek boýunça ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjylarynyň hataryna çykarmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öňünde mineral serişdeleriň gaýtadan işlenýän möçberini has-da artdyrmak, täze kärhanalary gurmak we öňden barlarynyň durkuny täzelemek üçin maýa goýumlaryny çekmek wezipesiniň durýandygyny nygtap, wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly çykarylýan önümleriň görnüşlerini giňeltmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmek babatda ähmiýetli orunlaryň birini eýeleýän ýüpekçiligiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagy ösdürmek, ony häzirki zaman senagatynyň derejesine çykarmak boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň hem-de milli däpleri dowam etdirmegiň we önümçilikde innowasiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtap, ýüpekçi daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek barada görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekip, wise-premýere degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýüpek gurçuklarynyň iýmit binýady bolan tut nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Garagum derýasynyň kenarlarynda hem-de amatly ýerlerde tut nahallaryny ekmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza konsepsiýa laýyklykda, 2020-nji ýyla çenli jemi 25 desganyň, şol sanda elektrik stansiýalarynyň 14-siniň, dürli güýjenmeli howa elektrik geçirijileriniň hem-de elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň 9-synyň, Energiýa enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurulmagynyň hem-de Seýdiniň ýylylyk elektrik merkezinde we Balkanabadyň döwlet elektrik stansiýasynda abatlaýyş işleriniň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Geçen döwürde desgalaryň onusy ulanmaga berildi, şol sanda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gazturbinaly elektrik stansiýalary, şeýle hem elektrik geçiriji ulgamlaryň ençemesi guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we hödürlenen teklipler bilen tanşyp, birnäçe görkezmeleri hem-de maslahatlary berdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ileri tutulýan maksatnamalaryň biridir. Umuman, döwrebap energetika ulgamyny döretmek tutuş halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyz bu toplumy döwrebaplaşdyrmakda dünýäniň iň gowy tejribesini çekmäge aýratyn üns berýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň ägirt uly kuwwaty barada aýtmak bilen, energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň baý döwletleriniň biridigini, mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasyny öndürmegiň dünýäde iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanýandygyny nygtady. Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde, türkmen energetika senagaty ýokary depginler bilen ösýär hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ukyplydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň iň täze tehnologiýalary ulanmak, täzeçil önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözülmelidigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda süýji-köke önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça işlenilip taýýarlanylýan taslamalar barada hasabat berip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilmeginiň ýerini tutmak maksadynda önümçilik kärhanalaryny gurmak üçin görülýän çäreler babatda aýtdy.

2018-nji ýylda ýurdumyzda jemi 38 müň 324 tonna süýji-köke önümleri öndürilip, şolaryň 30 müň 423 tonnasy hususy kärhanalar tarapyndan çykaryldy. «Hasar”, “Oguzhan”, “Bars”, “Täze aý”, “Nygmat” ýaly meşhurlyk gazanan haryt belgili önümler daşary ýurt bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar. 2018-nji ýylda Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilen süýji-köke önümleriniň möçberi iki essä golaý azaldy.

TSTB-niň agzalarynyň teklipleri şokolad önümleriniň, undan taýýarlanylýan süýji-köke önümleriniň we beýlekileriň görnüşlerini giňeltmäge degişlidir. Hususan-da, munuň üçin Ahal welaýatynda üç sany kärhanany gurmak, şeýle hem ozalky işläp gelýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak hem-de täze kuwwatlyklary ulanmaga girizmek teklip edilýär.

Hususy we karz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak maksat edinilýän bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýylda 13 müň 800 tonna köpeler, artykmaç bölegini bolsa eksport etmek göz öňünde tutulýar. Ýewropanyň esasy kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyryljak täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi bilen goşmaça iş orunlary dörediler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ulgamynda telekeçiligiň barha artýan ornuny belläp, türkmen işewürliginiň marketing strategiýasynda seljeriş işlerini alyp baryjy düzümleriň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz süýji-köke öndürjek täze kärhanalary gurmak boýunça teklip edilen taslamalary ýurdumyzda satyn alyjylyk islegini we daşarky bazaryň islegini nazara alyp, ýene-de bir gezek içgin işlemegi hem-de önümleriň bu görnüşini ýerlemegiň has amatly ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça hasabat berdi. Bu taslamany amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan taslamada awtomobil ýolunyň gurluşygyny 2019 — 2023-nji ýyllar aralygynda üç tapgyrda amala aşyrmak hem-de birinji tapgyrda Aşgabat — Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, ikinji tapgyrda Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda, üçünji tapgyrda Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak teklip edilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti hem-de halkara gatnaşyklar üçin ähmiýetlidigini we onuň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň milli maksatnamalaryny amala aşyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümlerini kemala getirmäge türkmen telekeçileriniň işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Biz ýurdumyzyň işewürlerine halk hojalyk toplumyny pugtalandyrmaga, onuň sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly we möhüm taslamalary ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýändigini belledi. Biziň üstaşyr geçirmek mümkinçiligimiziň amala aşyrylmagy, goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we umuman, ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Biz geljekde hem ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu goldaw köpugurly bazar ykdysadyýetini döretmäge hem-de ilatyň durmuş derejesini, onuň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, bu bolsa biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş ugry bolup durýar diýip belledi. Awtobany gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagy täze iş orunlarynyň ençemesini açar diýip, milli Liderimiz ýollary gurmak babatda öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda” Kararyň taslamasyna gol çekip, munuň hünär taýdan ösüşiniň hem-de durmuş babatda jogapkärçiligiň täze derejesine çykýan ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşinde taryhy pursatdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz munuň maddy, zähmet, akyl-paýhas we tehnologiýa serişdelerini netijeli, täze ugurly utgaşmada birleşdirýän hereketlendiriji güýçdügini nygtap, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyna, önümçilik düzümlerini ösdürmäge, innowasion çözgütlerini ornaşdyrmaga hem-de hünärmenleriň bilim, hünär derejesini ýokarlandyrmaga telekeçiligiň ähmiýetli goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçiligiň diňe bir ykdysady wezipeleri berjaý etmän, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlary bilen örän ysnyşykly arabaglanyşyklydygyny aýdyp, innowasion häsiýetli işleri öňe ilerlediji hökmünde döwlete degişli däl ulgama ýurdumyzyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň milli nusgasynda öňdebaryjy ornuň berilýändigini ýene-de bir gezek belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa milli medeni mirasymyza degişli gymmatlyklary wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylýan gymmatlyklar bilen muzeýleriň gaznalarynyň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Tapyndylaryň birnäçesi bolsa türkmen halkynyň milli taryhy-medeni mirasyny has-da baýlaşdyrdy. Olar baradaky maglumatlar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Häzirki wagtda bu tapyndylar türkmen hünärmenleri tarapyndan ylmy taýdan öwrenilýär we olary geljekde ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyrmak meýilleşdirilýär. Geljekde Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçýän şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek üçin toplanyljak resminamalar taýýarlanylanda, ýygnanan bu ylmy maglumatlar örän wajyp hem-de gymmatly maglumat bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň baý medeniýetini we taryhyny wagyz etmek üçin Türkmenistanda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara forumlaryň, şol sanda sergileriň meýdançalary giňden ulanylýar. Häzirki wagtda Germaniýanyň Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýinde öz işini dowam edýän “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologik sergisinde muzeý gymmatlyklarynyň 219-sy görkezilip, oňa şu güne çenli 390 müňden gowrak adam baryp gördi.

Sergini “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň 1-nji martyndan başlap, 30-njy maýyna çenli Germaniýanyň Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn Muzeý toplumynda guramak meýilleşdirilýär. Bu bolsa, öz nobatynda, halkymyzyň medeni mirasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi dünýäniň esasy ylmy-barlag merkezleri bilen arheologik ylmy-barlag işleri babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekdi. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem BAE-de geçiriljek “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde ýurdumyzyň ösüşlerini beýan edýän sergiler bilen bir hatarda, halk döredijiligine degişli dürli önümleriň, amaly-haşam sungatynyň eserlerini we muzeý gymmatlyklarymyzyň sergisini guramak hem göz öňünde tutulýar. Milli medeni mirasymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem giňden wagyz etmek işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň ýadygärliklerini düýpli öwrenmek we wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň ähmiýetini belledi.

Bu işi hökman yzygiderli geçirmek, şeýle hem dünýä bileleşigini gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, medeniýet, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň pikirini, şolaryň maksatlaryny kesgitläp, häzirki zaman jemgyýetiň kemala gelmeginde, türkmen halkynyň aň-bilim we döredijilik kuwwatynyň ösmeginde möhüm orun eýeleýär, ynsanperwer ulgamda syýasat meseleleri bolsa, halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine, döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däp-dessurlaryny ösdürmegiň, olara döwrebap äheňi bermegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýyl üçin meýilleşdirilen ähli çäreler milli mirasymyzy, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini wagyz edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent döredijilik ruhuna kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer mekdep biliminiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmak, olara täze dersleriň birnäçesini girizmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda taýýarlanan teklipler hakynda habar berdi. Şol dersler döwrüň talaplary hem-de durmuşa gadam basmaga taýýar, hünär taýdan zerur bolan endiklere eýe bolan hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösen nesli kemala getirmegiň wezipeleri bilen baglydyr.

Okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek okuwçylaryň höwesini we ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga, gözýetimini giňeltmäge, özbaşdak pikirlenmegini ösdürmäge, döwrebap tehnologiýalaryň, hukuk we jemgyýetçilik medeniýetiniň esaslaryna eýe bolmagyna gönükdirilendir. Tebigy ylym ugurly täze dersleri girizmek meýilleşdirilýär. Bularyň hemmesi okuwçylaryň zehinini açmak hem-de okuw sapaklaryny özleşdirmegi, döwrebap bilim almagy üçin has amatly, baý mazmunly bilim gurşawyny döretmäge mümkinçilik berer.

Bilim — bu adamyň baýlygy, durmuşda zehinini açmak üçin serişde bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ol çagalary ahlak gymmatlyklarynda terbiýelemek, raýatlyk nukdaýnazaryndan, zähmetsöýerlik, döredijilik bilen gös-göni baglydyr.

Mekdep hünär saýlap almaga taýýarlanýan ýokary synp okuwçylaryna olaryň geljekde üstünlikleriniň diňe öz borçlaryny ýerine ýetirmegine däl-de, eýsem, ýaşlaryň başlangyjyna, hünär sowatlylygyna, yzygiderli kämilleşmegine bagly bolup durýandygyna düşünmäge ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz bilim ulgamynda ylmy hünärmenleriň gös-göni okuwçylar bilen işleýän usulyýetçiler hem-de mugallymlar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmak barada wise-premýere görkezme bermek bilen, terbiýeçilik maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň, bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de ony iş ýüzünde giňden ulanmagyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we usulyýeti peýdalanmak bilen, olary durmuşa geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini düýpli işlemegi, mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmek barada wise-premýere tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça wezipeleri çözmek üçin hünärmenleri taýýarlamak barada ozal beren tabşyrygy bilen baglylykda, degişli ugurda işleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň netijeli daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň geçirýän işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle-de şu ýylyň birinji çärýeginde geçiriljek halkara çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Milli Liderimiziň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, suw hem-de ekologiýa diplomatiýalary boýunça öňe süren parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejede geçirjek duşuşyklaryna hem-de hökümetara gepleşiklerine görülýän taýýarlyk hasabatyň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda degişli çäreleriň geçirilýändigi hem-de ikitaraplaýyn resminamalaryň ylalaşylýandygy barada habar berildi. Ýakyn wagtda abraýly düzümleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparynyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Şolaryň barşynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň mundan beýläk-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen bar bolan ägirt uly kuwwatyň esasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyny we ösdürjekdigini nygtady. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrliginiň işiniň esasy ugurlary barada aýdyp, öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz öňe sürülýän döredijilikli teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, bu ugurda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermek barada görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary syýasat edarasynyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz öňümizdäki möhüm halkara çäreler bilen baglanyşykly meselä degip geçmek bilen, olara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi we geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmak babatda milli parlamentiň geçirýän işleri barada habar berdi.

Deputatlar täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýärler. Şol kanunlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan döwleti ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady üpjün edip, türkmen jemgyýetiniň bitewüligini hem-de demokratik sütünlerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ýerlerde täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar. Parlamentara gatnaşyklary berkitmegiň hem-de dünýäniň kanunçykaryjylyk tejribesini öwrenmegiň çäklerinde halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmekde milli parlamentiň möhüm ornuny hem-de Mejlisiň deputatlarynyň ýokary jogapkärçiligini belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletiň hukuk hem-de ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam edýän täze kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermek gerek. Ýurdumyzyň ykdysady rowaçlygy onuň ilatynyň durmuş abadançylygynyň derejesine gös-göni baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz täze ýazan goşgusyndan:

— Pederleň tagzym-togaby, 
Geçmişiň ertä dowamy, 
Kişňeýşiň — arşyň owazy, 
Kalbymyň senasy, Rowaç! — 
diýen ganatly setirlerini okady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, hemmelere berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.