Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady

photo

2025-nji ýylyň 13-nji maýynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.

Bu iri sebit maslahaty howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýa sebitinden alymlaryny, bilermenlerini we hünärmenlerini, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalaryny türkmen paýtagtyna jemledi.

Çäräniň açylyş dabarasynda çykyş edenler howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň möhümdigine ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek durnukly ösüş meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Resmi açylyş dabarasyndan soňra «Howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin we milli syýasat: ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler» atly ýokary derejeli umumy giriş mejlisi geçirildi.

Maslahat öz işini «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreleri maliýeleşdirmek: sebitleýin we milli çemeleşmeler», «Howanyň üýtgemegi boýunça ileri tutulýan ugurlar we hyzmatdaşlyk» atly bölümçelerde dowam etdi. Olara gatnaşanlar howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri maliýeleşdirmek, howanyň üýtgemegi babatda Merkezi Aziýada ýüze çykýan töwekgelçilikleri dolandyrmak, Ýewropa Bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary we başlangyçlary, gidrologik heläkçilikleriň öňüni almak üçin serhetüsti duýduryş ulgamy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda tokaý giňişliklerini döretmek, ýerleriň suwarylyşy, Araly halas etmek, çölleşmä garşy göreşmek ýaly ekologik meseleler döwlet derejesinde üstünlikli çözülýär, her ýylky ekilýän millionlarça nahalyň hasabyna ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň gerimi giňeýär. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy döwletimiziň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmaga jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Forumyň çäklerinde “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly maliýeleşdiriş boýunça strategiýalary işläp taýýarlamak üçin innowasion gurallar”, “Ýaşyl” köpri başlangyjy: Pariž ylalaşygy boýunça milli derejede kesgitlenen goşantlaryň ýerine ýetirilişini tizleşdirmek we güýçlendirmek üçin innowasion tehnologiýalar”, “Merkezi Aziýada jemgyýetçilik birleşikleriniň we ýaşlaryň howanyň üýtgemegi babatda hereketleri”, “Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýada möhüm landşaftlary dikeltmek boýunça maksatnamasynyň sebitleýin utgaşdyryjy maslahaty” ýaly ugurdaş bölümçelerde mejlisler geçirildi. Olarda ekologik abadançylygy üpjün etmegiň, tutuş adamzat üçin wajyp bolan howanyň üýtgemegi ýaly meseläni çözmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlislere gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş, bilelikde suw serişdelerini dolandyrmak, ählumumy howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly ugurlarda sebit we halkara derejede hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Durmuş-ykdysady döwlet maksatnamalary bilen ýakyn arabaglanyşygy bolan tebigaty goramaga degişli milli strategiýalara syn berildi.

Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olarda sebitde has durnukly we abadan geljegi berkarar etmäge gönükdirilen anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.

14-nji maýda maslahat «Merkezi Aziýada landşaftlaryň serhetüsti dikeldilişi», «Howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin gün tertibini ilerletmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahatyna taýýarlyk» ýaly bölümçelerde, şeýle hem ugurdaş bölümçelerde öz işini dowam eder.